Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda Ýokary suduň öňünde protest geçirildi


Düýn Gyrgyzystanyň ýaşlar guramalarynyň aktiwistleriniň bir topary bir ýerli zenany ýenjenlikde aýyplanýan Türkiýäniň raýaty Güneş Ýylmazyň erkinlige goýberilmegine protest bildirip, Ýokary suduň binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdiler.

Güneş Ýylmaz hepdäniň sişenbe güni izolýatordan boşadylyp, derňewler doly tamamlanýança Bişkekden çykmasyz edildi.

Bişkek şäheriniň raýon sudy şu ýylyň aprel aýynda Güneş Ýylmazy derňewler doly tamamlanýaça izolýatorda saklamak barada karar çykarypdy.

Raýon sudunyň bu kararyny öňňin irden Ýokary suduň hem goldandygyna garamazdan, Güneş Ýylmaz erkinlige goýberildi.

Ýaşlar guramalarynyň aktiwistleri düýn bu kararyň kim tarapyndan we nähili esasda kabul edilendigi barada halk köpçüligine maglumat berilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG