Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Karzaý bilen wideo-konferensiýa geçirdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen wideo-konferensiýa arkaly geçiren gepleşiginde ýakynda Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegine özüniň çuňňur gynanjyny bildirdi.

Ýakynda Owganystanyň Helmand welaýatynda Birleşen Ştatlaryň öňbaşçylygyndaky koalision güýçleriň geçiren hüjüminde 14 sany parahat ýaşaýjy ölüpdi. Şolardan 12-si çagalar.

Soňky wagtlar prezident Hamid Karzaý koalison güýçleriň parahat ýaşaýjylary öldürmekleri bilen baglanyşykly wakalary ýiti tankytlap gelýär. Ol şular ýaly wakalaryň ýurtda “Talyban” hereketiniň has-da güýçlenmegine ýardam edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG