Sepleriň elýeterliligi

Günbatar we arap ýurtlarynyň ministrleri duşuşýarlar


Şu gün käbir günbatar we arap ýurtlarynyň ministrleri Liwiýadaky syýasy wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinde maslahata ýygnanýarlar.

Abu-Dabide geçiriljek bu maslahata Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Fransiýanyň we Britaniýanyň resmileri, şeýle hem käbir arap ýurtlarynyň, şol sanda, Kataryň, Kuweýtiň we Iordanyň ýokary derejeli resmileri gatnaşarlar.

Maslahatda resmiler Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşine maliýe ýardamlaryny bermek we Muammar Kaddafiniň häkimiýetden çekilmegi üçin edilmeli işler barada pikir alşarlar diýlip garaşylýar.

Muammar Kaddafi şu hepde özüniň tä ölýänçä häkimiýet başynda galjakdygyny nygtap çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG