Sepleriň elýeterliligi

SPID 30 ýaşynda: "ölüm jezasy" hroniki kesele öwrülýär


SPID-iň wirusynyň mikroskopik görnüşi. Surat 1985-nji ýylyň dekabrynda düşürilen.

SPID-iň wirusynyň mikroskopik görnüşi. Surat 1985-nji ýylyň dekabrynda düşürilen.

Çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda WIÇ/SPID keseline bagyşlanylyp ýörite maslahat öz işine başlady. Bu maslahatyň maksady WIÇ/SPID keseline garşy soňky onýyllygyň dowamynda alnyp barlan goreşin netijelerine baha bermek we 2015-nji ýyla çenli edilmeli işleri kesgitlemek.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem WIÇ/SPID keseli bilen baglanyşykly 2000-nji ýylda kabul edilen 1308-nji rezolýusiýanyň şertleriniň durmuşa geçirilişine baha bermek üçin aýratyn sessiýa geçirdi.

Munun özi jemgyýetiň saglygyna abanýan howp hem-de onuň halkara durnuklylygyna we howpsuzlygyna ýetirmegi mümkin täsirleri bilen baglanyşykly bu guramanyň öz taryhynda ikinji gezek biragyzdan rezolýusiýa kabul etmesi hökmünde alamatlandy.

30 million adam öldi

WIÇ/SPID keseli adamzat jemgyýetinde ilkinji gezek 1981-nji ýylda ýüze çykarlaly bäri bu keselden 30 milliondan hem gowrak adam öldi. UNAIDS agentliginiň maglumatyna görä, geçen 2010-njy ýylyň ahyryna çenli bu kesele ýoluganlaryň sany 35 millona golaý bolupdyr.

Emma, beýleki tarapdan, mundan ozallar WIÇ/SPID keseline ýolukmaklyk göni ölüme duçar bolmaklyk ýaly kabul edilip gelnen bolsa, şu günki gün bu kesele edil beýle hem garalmaýar. Üstesine, bu kesel bilen keselleýänleriň sanynyň soňky wagtlar azalýandygy hem göze ilýär.

SPID keseline garşy göreş alyp barýan UNAIDS agentliginiň direktory Mişel Sidibe 1981-nji ýyldan bäri geçen döwrüň içinde SPID keseline garşy göreşiň oňyn netijeleri berendigini aýdýar.

“SPID keseli mundan ozal ölüm jezasy ýaly bir zat bolandygyndan indi ol hroniki kesel görnüşindäki zada öwrüldi. WIÇ infeksiýasy bilen täze keselleýänleriň sany-da indi görnetin derejede pese düşdi, ýagny, ol soňky 10 ýylyň dowamynda 25 prosent azaldy” diýip, Sidibe belldi.

Wagtynda bejergi

Şu ýylyň maý aýynda ylmy barlaglaryň netijeleri barada ýaýradylan maglumatda WIÇ/SPID bilen kesellän adamlaryň keseliň başky döwürlerinde, öz wagtynda bejergi alyp başlan halatlarynda, bu keseliň başga adamlara ýokaşmak ähtimallygynyň düýpli peselýändigi mälim edildi.

SPID keseline garşy göreş alyp barýan UNAIDS agentliginiň direktory Mişel Sidibe bu ugurdaky görkezijiler barada şeýle diýdi: “Eger adamlara irki bejergileri aldyryp bilseňiz, siz bu keseliň bir adamdan beýleki adama geçmek mumkçiligini 96 prosent töweregi azaldýarsyňyz”.

UNAIDS agentligi Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň SPID keseline garşy göreş üçin ýene goşmaça 6 milliard dollar serişde goýberen halatynda, ýylda 12 million adamyň bu kesel bilen kesellmeginiň we 7 million adamyň hem bu keselden ölmeginiň öňüni alyp boljakdygyny aýdýar.

Global maliýe krizisi dünýäniň köp ýurtlarynyň SPID keseline garşy göreş üçin serişde goýbermek mümkinçiliklerine we isleglerine-de ýaramaz täsir etdi. Hut şoňa görä-de, BMG-niň häzirki geçirýän sammitinda maliýe serişdeleri bilen baglanyşykly meseleler hem möhüm meselelerden biri bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG