Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly bosgunlara Türkiýe “gapylaryny ýapmaz”


Bosgunlar sişenbe güni irden Türkiýä barypdy. Berilýän maglumatlara görä, şu gün ýene-de ýüzlerçe siriýaly serhetden geçmäge taýýarlyk görýär.

Bosgunlar sişenbe güni irden Türkiýä barypdy. Berilýän maglumatlara görä, şu gün ýene-de ýüzlerçe siriýaly serhetden geçmäge taýýarlyk görýär.

Siriýadaky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyndan gaçyp, ýurdy terk edýän bosgunlara Türkiýe özüniň “gapylaryny ýapmajakdygyny” aýdýar. Bu barada Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz çykyşynda ýörite belledi. Erdogan bu çykyşyny ýüze golaý siriýaly bosgun Türkiýä barandan soň etdi.


Günbatar bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşini Siriýada hökümetiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagyny ýazgarýan rezolýusiýany kabul etmäge çagyrýar.

Türkiýä gaçýarlar

120 töweregi siriýaly, şol sanda aýallar we çagalar, başpena gözläp, gijäniň garaňkysynda Türkiýäniň serhedinden geçdiler. Bu adamlar Siriýanyň Jisr al-Şughur şäherinde hökümetiň gazaply çäreleri görmeginden howatyrlanyp, ýurdy terk etdiler. Häzir olar iki ýurduň serhediniň golaýyndaky Türkiýäniň Hataý welaýatynda çadyrlarda ýerleşdirildi.

Erdogan Damasky öz raýatlaryna has çydamlylyk bilen çemeleşmäge çagyrdy.
Bosgunlar sişenbe güni irden Türkiýä barypdy. Berilýän maglumatlara görä, şu gün ýene-de ýüzlerçe siriýaly serhetden geçmäge taýýarlyk görýär.

Erdogan Siriýadaky dowam edýän wakalary aladalanma bilen synlaýandygyny belläp, Damasky öz raýatlaryna has çydamlylyk bilen çemeleşmäge çagyrdy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň berýän maglumatyna görä, Siriýanyň Jisr al-Şughur şäherinde şenbe gününden bäri, häzire çenli azyndan 42 adam öldürilipdir.

Şol bir wagtyň özünde Siriýanyň döwlet telewideniýesi hem bu şäherde ýokary derejede türgenleşdirilen 120 töweregi harbynyň duşenbe güni “ýaragly toparlar” tarapyndan öldürilendigini habar beripdi. “Ýaragly toparlar” - Siriýanyň režimi tarapyndan prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy çykýanlar üçin ulanýan söz düzümidir.

Siriýanyň adam hukuklaryny goraýjy toparlarynyň aýtmaklaryna görä, Siriýada mart aýynyň ortalarynda hökümete garşy protestler başlanaly bäri, ol hereketi basyp ýatyrmak üçin geçirilýän çärelerde 1,100 töweregi demonstrantçy öldürlipdir, başga-da 10,000-e golaý adam tussag edilipdir.

BMG-niň rezolýusiýasy

Britaniýa, Fransiýa we başga-da birnäçe günbatar döwletleri BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Damaskyň režimini ýazgarýan rezolýusiýanyň kabul edilmegine çagyrýarlar.

BMG-niň 15 agzadan ybarat Howpsuzlyk geňeșiniň bu rezolýusiýa boýunça ses berlişliginde Orsýetiň we Hytaýyň weto haklaryny ulanmak mümkinçiligi kynçylyk döredip biler. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow sişenbe güni eden çykyşynda Moskwanyň rezolýusiýa meselesine garşydygyny aýan edipdi.

Lawrow Siriýa meselesiniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeșinde “syýasy ugur boýunça çözülmelidigini, şeýle-de nobatdaky harby konflikt üçin, şertleri döretmeli däldgini” nygtady.

Fransiýa, Britaniýa, Germaniýa we Portugaliýa tarapyndan taýýarlanan rezolýusiýanyň häzirki deslapky görnüşi Başal al-Assadyň režiminiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagyny ýazgarýar, şeýle-de bu gazaplylygyň adamzada garşy jenaýatçylygyň subutnamasy bolmagynyň mümkindigi nygtalýar. Onda harby çärelere ýa-da sanksiýalara hiç hili salgylanma ýok.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alain Župpe şol rezolýusiýa barada duşenbe güni Waşingtonda şeýle çykyş etdi: “Biz Orsýetiň näme etjegine serederis. Eger-de Orsýet weto ulansa, onda olar jogapkärçiligi öz üstlerine alarlar. Eger-de ol rezolýusiýany BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 11 agzasynyň goldaýandygyny görseler, belki-de, olar pikirlerini üýtgederler”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG