Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Liwiýa aragatnaşyk topary Abu Dabide duşuşýar


Günbatar we arap öňbaşçylygyndaky ýurtlaryň ministrleri şu Muammar Kaddafisiz Liwiýanyň geljegi barada maslahatlaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinde ýene bir tapgyr duşuşyk geçirýär.

Bu duşuşyk NATO-nyň Kaddafiniň häkimiýetini we onuň güýçleriniň graždan ilata we gozgalaňçylara hüjüm etmek ukybyny gowşatmak üçin Tripolä urýan agyr bomba zarbalary bilen utgaşýar.

NATO Tripolä urýan zarbalaryny üçünji gün agşamlyk hem dowam etdirdi.

Liwiýa aragatnaşyk toparynyň Abu Dabide geçýän duşuşygyna ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton we britan hem fransuz wekilleri, Katar, Kuweýt, Iordaniýa ýaly arap ýaranlary gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG