Sepleriň elýeterliligi

Siriýa demirgazyk sebitdäki gozgalaňçylaryň üstüne goşun iberýär


Ýaşaýjylar we siriýa aktiwistleri müňlerçe esgeriň gozgalaň turzan demirgazyk sebite iberilendigini aýdýarlar.

Siriýa hökümeti ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Jisr al-Şugur şäherinde, ýaragly adamlaryň hüjümi netijesinde 120 esger öldürilenden soň “aýgytly” hereket etjegini aýtdy.

Dowla düşen adamlaryň ýüzlerçesi serhetden aşyp, Türkiýä gaçdy.

Britaniýa we Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Siriýa repressiýasyny ýazgarmak baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny hödürledi.
XS
SM
MD
LG