Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda toýa edilen hüjümde 9 adam öldi


Owganystanda bir resmi ýurduň gündogarynda bir toýa edilen hüjümde 9 adamyň öldürilendigini aýtdy.

“Assoşeýted pres” Nangarhar welaýatynyň sözçüsi Ahmad Ziýa Abdylzaýa salgylanyp, bu hüjümiň çarşenbe güni agşam gyrak-çetdäki Dur Baba etrabynda bolandygyny ýazdy. Ol hüjümçileriň ilki toý tutulýan jaýy oka tutandyklaryny, soň ol jaýy we bir maşyny otlandyklaryny aýtdy.

Hökümet sözçüsiniň aýtmagyna görä, öýlenýän ýigidiň ýegeni Dur Baba etrabynyň baş administratory bolup işleýän eken.
XS
SM
MD
LG