Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Orsýet radar üçin köpräk tölesin diýýär


Ýokary derejeli azeri resmisi öz ýurdunyň Moskwanyň Azerbaýjanda ýerleşýän radar stansiýasy üçin köpräk töleg etmegini isleýändigini aýtdy.

Orsýet Azerbeýjandaky “Kabala” radar stansiýasyny 10 ýyllyk şertnama esasynda ulanýar we bu şertnamanyň möhleti 2012-nji ýylyň awgustynda tamam bolýar.

Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Araz Azimow “Roýtere” Bakuw bu şertnamanyň möhletini uzaltmaga taýýar, ýöne Orsýet köpräk töleg etmeli diýdi. Ol Azerbaýjanyň Moskwadan näçe töleg isleýändigini aýtmady.

Moskwa häzir ýylda bu stansiýany ulanýany üçin 10 million dollar töleýär.
XS
SM
MD
LG