Sepleriň elýeterliligi

Gazak senaty owgan missiýasy baradaky kanun taslamasyna seretmedi


Gazagystanyň parlamentiniň ýokary palatasy şu gün Owganystandaky NATO ýolbaşçylygyndaky güýçlere goşulmaly esgerler baradaky plana seretmekden boýun gaçyrdy.

Mejlis ýa-da parlamentiň aşaky öýi maý aýynda 4 esgeriň Owganystandaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçlerine goşulmaga iberilmegini sese goýdy.

Parlamentiň ýokary palatasynyň agzalary şu gün bu kanun taslamasyna parlamentiň bilelikdäki sessiýasynda seredilmelidigini aýdyp, ony yza gaýtardylar.

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň hiç biri häzire çenli Owganystandaky HHKG-niň hatarynda gulluk etmäge esger ibermändi.
XS
SM
MD
LG