Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ Eýranyň uran baradaky karary “prowokatiw” diýýär


Birleşen Ştatlar Eýranyň uran baýlaşdyrmagyň mukdaryny üç esse artdyrmak we bu prosesi gizlin bir zawoda geçirmek baradaky karary “prowokatiw” diýdi.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Tommi Witor munuň ýaly prowakatiw ädimler ne Eýranyň manyly gepleşiklere gyzyklanmasyna, ne-de ýadro niýetine ynam döredýär diýdi. Ol Eýrany bu karara gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Eýran biraz öň özüniň uran baýlaşdyrmak programmasyny Natanz zawodyndan Kum şäheriniň golaýynda “Fordo” atly ýerasty zawoda geçirjegini we bu önümçiligi üç esse köpeltjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG