Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara jenaýat sudunyň prokurory Kaddafiniň zorluklary diýilýäni derňeýär


Halkara jenaýat sudunyň baş prokurory öz sülçüleriniň Liwiýanyň dolandyryjysy Muammar Kaddafiniň özüni häkimiýetden çetleşdirjek bolýan güýçlere garşy aýal zorlamagy ulanmak barada buýruk berenini aňladýan subutnamany ele salandyklaryny aýtdy.

Prokuror Luiz Moreno-Okampo üçünji gün Nýu-Ýorkda BMG-niň baş edarasynda žurnalistlere zorluk Kaddafiniň öz garşydaşlaryna basyş görkezmekdäki “täze aspekti” bolara çemeli diýdi.

Şeýle-de ol Kaddafiniň esgerleriniň käbirine aýal zorlamak üçin impotentlige garşy Wiagra ýaly dermanlaryň berlip-berilmänliginiň hem derňelýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG