Sepleriň elýeterliligi

Dünýä güýçleri Eýranyň ýadro programmasyndan çuňňur alada edýändiklerini aýdýarlar


Dünýä güýçleri şu gün Tähranyň bu işiň mümkin bolan harby taraplary baradaky soraglara jogap bermezligi sebäpli Eýranyň ýadro programmasynyň arkasynda ýatan maksatlardan çuňňur alada galýandyklaryny aýtdylar.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we Birleşen Ştatlar BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň, HAEG-niň geňeşiniň duşuşygyndan soň bilelikde bir beýanat ýaýradyp, öz aladalaryny bildirdiler.
XS
SM
MD
LG