Sepleriň elýeterliligi

Çaga hukuklary


Mähriniň aýtmagyna görä, ýurtda amal edilýän gymmatbaha gurluşyklaryň sanyny azaldyp, etrapdyr, obalarda çagalar baglarynyň sanyny ýeterlik mukdarda gurmaly.

Mähriniň aýtmagyna görä, ýurtda amal edilýän gymmatbaha gurluşyklaryň sanyny azaldyp, etrapdyr, obalarda çagalar baglarynyň sanyny ýeterlik mukdarda gurmaly.

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy barada durlup geçildi.

Bu maksatnamanyň taslamasy BMG-niň çagalar gaznasynyň — ÝUNICEF-iň ýardam etmeginde, degişli ugurda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny hem-de çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň esasy düzgünlerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanandygy barada türkmen metbugaty habar berdi.

Türkmenistan BMG-niň agzasy bolmak bilen, “Çaganyň hukuklary” hakyndaky konwensiýany tassyklap, çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek baradaky borçnamany öz üstüne aldy.

Aşgabatly ýaşaýjy, saglyk pudagynyň işgäri Mähriniň aýtmagyna görä, Garaşsyzlygyň başky ýyllary Türkmenistanyň saglyk ulgamyna we bilim ulgamyna zarba urulmagy bilen, eneleriň we çagalaryň goragy örän pese düşdi.

Türkmenistanyň 1992-nji ýylda BMG-niň agzalygyna girmek tagallasyny öňe sürüp ýören döwürleri, ilatyň sosial goraglygynyň iň bir pese düşen döwrüne gabat gelipdi. Sosial ýagdaýlarynyň pesligi sebäpli, mekdebe gatnatmaga okuw esbaplaryny, mekdep üçin aýakgap, egin-eşik edinip bilmän, çagalaryny mekdepden alyp galan ene-atalar hem köp bolupdy.

Maşgalanyň güzerany üçin mal bakmak, kärende ýerlerinde işlemek, bazarlarda galtak sürmek, barjamly adamlaryň maşynyny ýuwmak, söwda-satyk bilen meşgul bolmak, hatda gedaýçylyk etmek ýaly pişelere baş goşan çagalar köp bolupdy.

Çagalaryň kömek pullarynyň, enelere berilýän posobiýalaryň ýatyrylmagy, işsizligiň ýokary derejä ýetmegi bilen, köp çagaly maşgalalar has kynçylykly ýagdaýlara duş gelipdiler. Emma şol döwürlerde-de “bagtly çagalyk” barada türkmen metbugaty aýagaldygyna mahabatly makalalary çap edýärdi.

Soňky ýyllar

Soňky ýyllar Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde “Ene mähri” merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, ilatyň sosial ýagdaýlarynyň gowulanyp ugramagy, çagalara berilýän kömek pullarynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, türkmen maşgalalarynyň gün-güzeranlary gowulaşyp ugrady.

Boşap galan çaga dogrulýan öýlerde ýene-de täze dogan çaga jägildisi artyp ugrady. Mal bakýan, kärende ýerlerinde işleýän çagalar enteklerem ýeterlik bolsa-da, bazarlarda, demir ýol wokzallarynda gedaýçylyk edip ýören çagalaryň sany üzül-kesil azaldy.

Poliomielit, gyzdyrma, difteriýa ýaly keselleriň garşysyna waksinalaryň wagtynda, bökdeniçsiz geçirilýänligi üçin, bu keseller bilen keselleýän çagalar Türkmenistanda soňky ýyllar hasaba alnanok.

“Döwletiň tagallasy bilen ýurtda sporta uly üns berilmegi, Awazada, Gökderede çagalar sagaldyş merkezleriniň gurluşygynyň sanynyň artdyrylmagy, täze çagalar baglarynyň onlarçasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem öz oňat netijelerini berýär” diýip, saglyk pudagynyň işgäri Mähri aýdýar.

Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli Maksatnamanyň çäginde giň dünýägaraýyşly, adamkärçilikli, anyk hünärli, ýokary medeniýetli, ruhubelent, maksada okgunly, il-güne wepaly kämil şahsyýetleri kemala getirmek barada aýdylyp, bu Maksatnamanyň durmuşa geçmegi üçin, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň üstüne uly jogapkärçilik ýüklendi.

“Ýokary we orta mugallymçylyk okuw mekdeplerinde mugallym hünärini ele alýan her bir hünärmen umumy bilim bilen bir hatarda pedagogikany, psihologiýany, estetikany, çeperçiligi, sungaty, aýdym-sazy, bedenterbiýäni hem çuňňur öwrenmeli. Olar çagalar bilen mylaýym gürleşmek, her bir çaga bilen ene-atasy ýaly düşünişmekligi oňarmaly, olaryň ýaşyna görä ösüş aýratynlyklaryny öwrenmegi başarmaly” diýip, Mähri nygtaýar.

Soňky ýyllarda çaga kesellän ýagdaýynda keseliniň başlangyç alamatlaryny anyklamaklary hem öwrenmekleri, mugallymlaryň lukmanlar bilen jebis, sazlaşykda işlemekleri baradaky wezipe olaryň öňünde goýuldy.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň taýýarlamagynda çaga ýokanç keselleri we çaga keselleriniň her bir ugurlary boýunça birnäçe okuw usuly we okuw kitaplary neşir edilip, okuw jaýlarynyň kitaphanalaryna paýlandy. Talyplara niýetlenen “Lukmançylyk bilimleriniň esaslary” atly okuw kitaby çap edildi.

Obalaryň ýagdaýy öwerlik däl

Ýurtda amal edilýän işleriň möçberiniň az däldigini nygtap, Mähri etrapdyr obalaryň ýagdaýyna ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, çagalaryň irki ösüşi we olary mekdebe taýýarlamak baradaky Milli Maksatnamanyň durmuşa geçmegi üçin, ilki bilen çagalar baglarynda işi oňat ýola goýmaly: "Ýurtda bar bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň, mekdep ýaşly çagalaryň anyk sanyny kesgitleýän statistiki maglumatlary metbugatda çap edip, olaryň näçesiniň çagalar baglarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýändiklerini, näçesiniň döwrebap mekdeplerde bilim alyp bilmeýändiklerini anyklamaly".

Ýurtda gurulýan, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerem, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynyň gurluşygy hem esasan paýtagtyň hem-de Ahal welaýatynyň paýyna düşýär. Beýleki welaýatlaryň merkezlerinde hem şeýle mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berlendigine seretmezden, etrapdyr, obalarda bu ugurdan edilýän iş kän bir göze ilmeýär.

Oba ýerleriniň çagalary üçin çagalar baglary ýeterlik derejede ýok diýseň hem ýalňyş bolmaz. Etrap merkezlerinde bar bolan çagalar baglarynyň ýagdaýy gözgyny. Mekdepleriň ýagdaýy hem öwerlik däl.

Obalarda ýaşaýan ençeme ene-atalar öz çagalaryny okuwa taýýarlap bilmeýärler. Çagalar bagyna barmaýan körpeler, dil taýdanam, ösüş taýdanam köplenç yza galýarlar. Olar mekdebe baranlarynda eýýäm çagalar baglaryna gatnan çagalar bilen programmany deň-derejede alyp gidip bilmeýärler.

Mähriniň aýtmagyna görä, ýurtda amal edilýän gymmatbaha gurluşyklaryň sanyny azaldyp, etrapdyr, obalarda çagalar baglarynyň sanyny ýeterlik mukdarda gurmaly. “Her bir maşgalanyň öz çagasynyň çagalar bagyna, mekdeplere päsgelçiliksiz ýerleşip, döwrebap bilim aljagyna gözi ýetse, şonda ýurtda çagalaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan doly goralýandygy barada agyz dolduryp aýtsa bolar. Häzirlikçe bizde agyz dolduryp aýdar ýaly ýagdaý ýok” diýip, Mähri belleýär.

30-njy maýdan 1-nji iýun aralygynda çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça 3-nji Merkezi Aziýa maslahaty Türkmenistanyň mejlisi, Bilim ministrligi, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary, BMG-niň çagalar gaznasynyň — ÝUNICEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.

Maslahata gatnaşyjylara eneligi we çagalygy goramak, hukuk, bilim we lukmançylyk ulgamlarynda “giň möçberde özgertmeleriň” durmuşa geçirilýänligi, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

“Emma olara obalara aýlanyp, oba çagalarynyň durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilmedi” diýip, Mähri aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG