Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan özbek bosgunlaryny yzlaryna iberdi


Penşenbe güni Gazagystanyň hökümet resmileri syýasy bosgunlyk isläp Gazagystana baran 29 sany özbek raýatynyň yzlaryna – Özbegistana ekstradisiýa edilendigini habar berdiler.

Geçen ýyl Gazagystanyň Migrasiýa gullugy bu özbek raýatlaryna syýasy gaçybatalga bermekden ýüz öwrensoň, bu raýatlar Almaty şäherindäki izolýatorda tutuş bir ýyl gabawda saklanypdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy ýerli we halkara guramalary bu gürrüňi edilýän raýatlaryň Özbegistana dolanyp baran halatynda olaryň tussag edilmelere we gynalmalara sezewar edilmekleriniň mümkindigini aýdyp, bu barada alada bildirip gelipdiler.

Özbegistanyň bu raýatlary özlerine ýurduň häkimiýetleriniň dini ekstremizmde ýerliksiz aýyplama bildirýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG