Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Belarusa berýän elektrik energiýasyny azaltdy


Penşenbe güni Belarusyň resmileri Orsýetiň Belarusa berýän elektrik energiýasynyň möçberini iki esse azaldandygyny mälim etdiler. Resmileriň aýtmagyna görä, bu çäre Belarusyň Orsýete bolan bergileri bilen baglanyşykly.

Belarusyň Energetika ministrliginiň metbugat sekretary Lýudmila Jenkowiç häzirki wagt elektrik energiýasynyň söwdasy boýunça Belarusyň Orsýete 54 million dollar bergisiniň bardygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýetden satyn alynýan elektrik energiýasy ýurtda ulanylýan elektrik energiýasynyň 10 prosente golaýyny tutýar.
XS
SM
MD
LG