Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti IIM-niň reformasy üçin ÝHHG-den goldaw sorady


Penşenbe güni Wena sapar edýän Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýurduň günortasynda ýüz beren etniki çaknyşyklaryň bir ýyllygyna gabatlap eden çykyşynda ÝHHG-ni Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligindäki reformalara goldaw bermäge çagyrdy.

Hususan-da, ol Gyrgyzystanda alnyp barylýan reformalaryň çäklerinde ýurduň kanun goraýjy strukturalaryndaky reformalaryň hem netijeliligini gazanmagyň möhümligini nygtady.

Ol Wena saparyndan soň, şu gün Gyrgyzystanyň günortasyna sapar edip, geçen ýylky etniki çaknyşyklaryň bir ýyllygyna bagyşlanylan hatyra çärelerine gatnaşmakçydygyny aýtdy.

Dogry bir ýyl mundan ozal Gyrgyzystanyň günorta regionynda ýerli gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasynda tutaşan çaknyşyklar 400-den gowrak adamyň ölümine getiripdi.
XS
SM
MD
LG