Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň üç guramasyna garşy sanksiýa girizdi


Penşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň üç sany sany hökümet guramasyna garşy sanksiýa girizýändigini yglan etdi.

Waşingtonyň resmileri bu sanksiýalaryň Eýranda 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soňky geçen döwrüň içinde ynsan hukuklarynyň basgylanmagy bilen baglanyşykly wakalar sebäpli girizilýändigini mälim etdiler.

Olaryň aýtmaklaryna görä, sanksiýalar Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasyna, Basyj harby toparyna we Eýranyň polisiýa edarasyna garşy girizilipdir.

Bu sanksiýalar esasynda bu toparlara degişli Birleşen Ştatlaryň territoriýasyndaky islendik bir bank hasaplary we biznes işleri doňdurylýar.
XS
SM
MD
LG