Sepleriň elýeterliligi

Türkmen samboçylary 29 medal almagy başardylar


Ýakynda Daşkentde sambo ýyldyzlarynyň arasynda dünýä çempionatyndan hem-de söweşjeň we sport sambosy boýunça Aziýanyň açyk birinjiligine geçirilen ýaryşlaryndan türkmen sportsmenleri jemi 29 medal almagy başardylar.

Sambo ýyldyzlarynyň arasyndaky dünýä birinjiliginde türkmen topary 3 sany altyn, 1 kümüş we 3 sany bürünç medallary aldy.

Söweşjeň we sport sambosy boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bolsa türkmen topary 6 sany altyn, 3 sany kümüş we 13 bürünç medaly almagy başardy.

Daşkentde geçirilen ýaryşlara 18 ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG