Sepleriň elýeterliligi

Otunbaýewa Gyrgyzystanyň ilatyny asudalyga çagyrdy


Gyrgyzystanda Oş heläkçiliginiň 1-nji ýyl dönüminde prezident Roza Otunbaýewa ýurduň ilatyny asudalyga çagyrdy.

Geçen ýyl etniki gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasynda dörän çaknyşyklarda 470 adam heläk bolupdy.

Oş şäherinde “Enäniň göz ýaşy” atly heýkeliň açylyş dabarasynda ýurduň prezidenti çykyş edip, birek-biregi ýamanlamakdan saklanmaga hem çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG