Sepleriň elýeterliligi

Çeçen gyzyny öldüren öňki harby atylyp öldürildi


Çeçenistanda 18 ýaşly gyzy öldürmekde günäli tapylan Orsýetiň ozalky harby polkownigi Ýuriý Budanow şu gün Moskwada öldürildi.

Budanow 2000-nji ýylda Elza Kungaýewany bogup öldürmekde aýyplanyp, 2003-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol 2009-njy ýylyň başlarynda şertli ýagdaýda azatlyga goýberildi.

Orsýetiň derňew komitetiniň metbugat wekili Vladimir Markin bu barada şeýle diýdi: “Budanowyň şahsyýeti göz öňünde tutulanda, bu jenaýatyň prowokasiýa niýeti bilen amala aşyrylandygy baradaky mümkinçilik hem aradan aýrylanok. Häzirlikçe bizde bu hüjümiň arkasynda etniki toparlaryň durandygy barada hiç hili delil ýok”.

Budanow Moskwanyň Komsomolskiý prospektinde näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.
XS
SM
MD
LG