Sepleriň elýeterliligi

“E.coli” infeksiýasynyň gelip çykyşy belli boldy


Ýewropada azyndan 30 adamyň ölümine sebäp bolan “E.coli” infeksiýasynyň ýaýramagyna Germaniýada ýetişdirilen gök önümleriň şinesi sebäp bolupdyr. Bu barada german resmileri habar berýär.

Germaniýanyň saglygy saklaýyş ministri Daniel Bahr: “Men entegem ähli zat aýryldy diýip biljek däl. Gynansak-da infeksiýanyň täze görnüşleri ýene-de döräp biler, emma bularyň sany gitdigiçe azalýar. Bu hem biziň optimist bolmagymyzyň bir sebäbi”.

“E.coli” bakteriýasy sebäpli 3,000 töweregi adam keselledi. Bularyň aglabasy Germaniýanyň ýaşaýjylary.

Infeksiýa ilkinji gezek 2-nji maýda hasaba alyndy. Häzir onuň ýaýraýyş depgini gitdigiçe peselýär.
XS
SM
MD
LG