Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA-nyň maliýe resmileri duşuşdylar


 GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň maliýe ministrleriniň hemişelik hereket edýän maslahaty halkara maliýe krizisine garşy çäreleri işläp düzmek maksady bilen 2008-njy ýylda döredilipdi.
GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň maliýe ministrleriniň hemişelik hereket edýän maslahaty halkara maliýe krizisine garşy çäreleri işläp düzmek maksady bilen 2008-njy ýylda döredilipdi.
Golaýda Kiýewde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleriniň hemişelik hereket edýän maslahatynyň bäşinji mejlisi geçirildi.

Ukrainanyň paýtagtynda geçirilen maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Ukrainanyň maliýe ministrleri gatnaşdylar.

Duşuşyga Moldowanyň, Türkmenistanyň maliýe ministrleriniň orunbasarlary, Özbegistanyň hökümet wekili we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary hem bardylar. Türkmenistan bu maslahata synçy hökmünde gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertbibi we seredilen meseleler barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň başlygy Wladimir Nikanorow Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Öňden ylalaşylan gün tertibine laýyklykda GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň ykdysady ýagdaýy, halkara maliýe krizisiniň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak boýunça kabul edilen bilelikdäki çäreleriň berjaý edilişi, GDA-nyň düzümindäki döwletleriň ykdysady pudagyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we GDA döwletleriniň Maliýe ministrlikleriniň özara hyzmatdaşlygy boýunça Memorandumyň proýekti barada gürrüň edildi”.

Maslahatyň dowamynda GDA derejesinde we milli ölçeglerde ylalaşylyp kabul edilen çäreleriň halkara maliýe çökgünliginiň has ýiti etaplarynyň öwezini dolmaga hemaýat edendigi bellenilip, maliýe gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

4-nji iýunda geçirilen maslahatyň ahyrynda GDA döwletleriniň köpüsi tarapyndan ylalaşylan özara hyzmatdaşlyk baradaky Memoranduma hem gol goýuldy. GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekili Nikanorow bu resminamanyň ukrain tarapyndan hödürlenendigini aýtdy.

“Gol goýlan resmi dokumente görä, taraplar maliýe sistemasyny reformalaşdyrmak boýunça maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrarlar. Bu hökümetiň maliýe býujet syýasatynyň, karar kabul etmek prosesiniň, şeýle-de maliýe pudagyndaky kanunçylygyň esasyny düzýär” diýip, Nikanorow aýtdy.

GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň maliýe ministrleriniň hemişelik hereket edýän maslahaty halkara maliýe krizisine garşy çäreleri işläp düzmek maksady bilen 2008-njy ýylda döredilipdi.

Maslahatyň nobatdaky altynjy mejlisi 2012-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriler.
XS
SM
MD
LG