Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň ilçihanalaryna hüjüm gurnan öldürildi


1998-nji ýylda ABŞ-nyň Keniýadaky we Tanzaniýadaky ilçihanalaryna edilen hüjümleriň guramaçysy Somalide öldürildi. Şol hüjümlerde 200 gowrak adam heläk bolupdy.

Gündogar Afrikada “Al-Kaýdanyň” söweş operasiýalarynyň serkerdesi hasaplanýan Fazul Abdulla Mohammet Somaliniň paýtagty Mogadişoda öldürildi. Öldürileniň hut şoldugyny anyklamak üçin genetik ekspertiza, barlag geçirilýändigi habar berilýär.

Fazul Abdulla Mohammet Somaliniň tutuş territoriýasynda öz häkimiýetini pugtalandyrmaga synanyşýan “Aş-Şabab” yslamçy toparyna hem komandirlik etdi.
XS
SM
MD
LG