Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ýaragly toparyň lideriniň tussag edilendigini aýdylýar


Siriýa häkimiýetleri ýurduň demirgazygyndaky howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerine ýakynda hüjüm gurnan ýaragly toparyň liderini tussag edendigini habar berýär.

Anna güni siriýa goşunlary ýurduň demirgazygyndaky ençeme etrabyň, şol sanda Jisr-eş-Şugur şäheriniň ýollaryny ýapdy. Bu şäherde, resmi maglumata görä, ýaragly hüjüm netijesinde 120 polisiýa işgäri ölüpdir.

Siriýanyň şäherlerinde hökümete garşy köpçülikleýin çykyşlar dowam edýär. Soňky gije-gündizde 30-dan gowrak adam öldürildi. Demirgazyk etraplarda protest aksiýalaryny basyp ýatyrmak üçin siriýa goşunlarynyň tanklary we wertolýotlary ulanandygy habar berilýär.

Birleşen Ştatlar Siriýanyň häkimiýetleriniň hereketlerini üzül-kesil ýazgardy.
XS
SM
MD
LG