Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda suduň, prokuraturanyň jaýyna hüjüm edildi


Täjigistanyň Daglyk-Badahşan welaýatynda ýaşlaryň bir topary suduň we prokuraturanyň jaýyna hüjüm etdiler. Iki sudýany urdular, olar keselhana ýerleşdirildi.

Ýerli ýaşaýja sud höküm yglan edenden soň bidüzgünçilikler başlandy. Ol ýaşaýja adam öldürmekde günä bildirildi, ol 9 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň dostlary bu hökümi adalatsyz hasap etdiler.

Täjigistanyň IIM-niň maglumatyna görä, bu hereketde güman edilýän iki adam saklanypdyr. Hüjüme gatnaşanlaryň beýlekileri gözlenýär.
XS
SM
MD
LG