Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň günortasynda 10 esger, 21 söweşiji öldürildi


Ýemeniň günortasynda bolan çaknyşyklarda hökümet güýçlerinden 10 esger öldürildi diýip, ýurduň Daşary işler ministrligi habar berýär. Wakada 21 söweşiji hem öldürilipdir.

Gazaply çaknyşyklar Zinjibar şäherinde söweşijiler bilen goşunlaryň arasynda boldy.

Şenbe güni irden Loder şäherinde bolan çaknyşyklarda ýene üç söweşiji öldürilip, bäşisi ýaralandy. Bir esger heläk boldy.
XS
SM
MD
LG