Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokioda köpçülikleýin demonstrasiýa geçirildi


Şenbe güni Tokioda häkimiýetlerden atom energiýasyny ulanmakdan ýüz öwürmegi talap edýän köpçülikleýin demonstrasiýa geçirildi.

Ýaponiýanyň demirgazygynda bolan weýrançylykly ýer titremä we deňiz harasadynyň gelenine üç aý doldy. Şol betbagtçylykda 23 müň adam ölüpdi, onlarça obadyr şäher weýran bolupdy. “Fukusimo-Daiçi” atom elektrik stansiýasyna zyýan ýetipdi, radiasiýa daşyna syzypdy.

Ýakynda Ýaponiýanyň hökümeti stansiýadaky weýrançylygyň we daşary çykan radiasiýanyň möçberiniň çak edilişinden juda uludygyny boýun aldy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan betbagtçylykda has köp jebir çeken Iwaia etrabyna barýar.
XS
SM
MD
LG