Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň MAG-nyň direktory Yslamabada bardy


Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Leon Panetta we Pakistanyň häkimiýetiniň ýokary derejeli wekilleri Yslamabatda amerikan razwedkasynyň Pakistandaky geljekki işi barada maslahatlaşýarlar.

Gepleşiklerde söweşijilere garşy göreş boýunça ikitaraplaýyn toparyň düzüminde amerikan razwedkaçylarynyň işgärleriniň bolmaly sany barada maslahat edilýändigi habar berilýär.

Bu sapar amerikan ýörite gulluklary “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeni 2-nji maýda Pakistanda öldüreli bäri amerikan razwedkasynyň baştutanynyň Pakistana edýän ilkinji saparydyr.
XS
SM
MD
LG