Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda žurnalistleriň işiniň çäklendirilmegi geljekki kredite ýaramaz täsir ýetirer


Belarusdaky Orsýetiň žurnalistleriniň işiniň çäklendirilmegi geljekde bu ýurduň häkimiýetlerine karz pul bermek meselesine ýaramaz täsir ýetirer diýip, Kremldäki çeşmäniň aýdandygyny Itar-Tass habar berýär.

Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygy guramasynyň Krizise garşy fondy bilen Belarusyň Maliýe ministrligi hepdäniň penşenbe güni Minskä üç ýylyň dowamynda 3 milliard dollar bermek baradaky ylalaşyga gol çekişdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko maý aýynyň ahyrynda Belarusda birnäçe daşary ýurduň, şol sanda Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýapylmak mümkinçiligi barasynda aýdypdy.

Soňky aýlar Orsýetiň köp sanly žurnalistlerine Belarusyň territoriýasyna girmek gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG