Sepleriň elýeterliligi

Hindistanly ýoga protest hökmünde açlyk çekýär


Uzak wagtlyk açlykdan soň tapdan düşeni üçin keselhana ýerleşdirilen hindi ýogasynyň ýagdaýy durnuklaşýar. 46 ýaşly Baba Ramdewiň Nýu-Delidäki keselhanada ýatandygy habar berilýär.

Bir hepde mundan öň ýoga korrupsiýa garşy protest hökmünde açlyk çekmäge başlady. Ol häkimiýetlerden daşary ýurtlardaky hasaplarda saklanýan pullary eglenmezden ýurda getirmegi, korrupsiýa garşy aýgytly çäreleri görmegi talap etdi.

Ramdew telewideniýede meşhur programmany alyp barýar. Onuň protest aksiýasy graždan jemgyýetiniň guramalary, oppozision milletçi güýçler tarapyndan giňden beýan edilýär.
XS
SM
MD
LG