Sepleriň elýeterliligi

Taryh: hakykat we galplyk


Gökdepe gonamçylygynda, 2011-nji ýyl.

Gökdepe gonamçylygynda, 2011-nji ýyl.

Türkmenistanyň ylmy gatlagy barada oýlananyňda, taryh ylymlarynyň doktory, akademik Myrat Annanepesow göz öňüňe gelýär. Sebäbi ol ynsanyň tutuş ömri hem işi Türkmenistanyň gumanitar ylymlary, aýratyn-da taryh ylmynyň ösmegi, onda ýüze çykan galplyklaryň hem ýalňyşlaryň döremegi bilen berk baglanyşykly boldy.

Myrat Annanepesow Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini tamamlan badyna, Ylymlar akademiýasyna işe barýar. Ol ýerde iň ýönekeý ylmy işgärlikden, Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti wezipesine çenli ösýär. Ol ilki taryh ylymlarynyň kandidaty, soňra-da ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. Ylma ýolbaşçylyk edýär. Ýaş alymlaryň ýetişmegine ýardam edýär.

Annanepesowyň öwrenýän ylmy 19-njy asyrda Türkmenistanyň sosial-ykdysady durmuşy bolupdy. Bu bolsa halkyň taryhyndaky möhüm ugur hasaplanýar. Şonuň üçin ol geçen asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň taryhyna degişli çap edilen kitaplaryň birnäçesini ýazmaga gatnaşypdy ýa-da şeýle işleriň gurnalmagyna ýolbaşçylyk edipdi.

Myrat Annanepesow ylmy derejeleri alansoň Ylymlar akademiýasyny terk etmedi, ýagny ylymdan daşlaşmady. Ol mydama ylmy gözlegler bilen boldy hem ylmy tapyndylary jemgyýetçiligiň elýeterine bermäge çalyşdy.

Bu ugurda onuň Kyýat han hem onuň ogullarynyň pajygaly takdyry hakdaky arhiw maglumatlaryny halka ýetirendigini aýtmak gerek. Kyýat han rus-türkmen gatnaşyklaryna ýol açan şahs hökmünde tanalýardy. Şol bir wagtyň özünde-de rus imperialistik syýasatynyň ilkinji pidasy Kyýat han we onuň ogullary bolupdy. Bu maglumaty Myrat Annanepesow köpçülige ýetiripdi.

Özi ýalana çykardy

Şonuň bilen birlikde Myrat Annanepesow “Türkmenistanyň Russiýa meýletin birleşmegi” diýen galp ideýany hem goldaýjy boldy. Bu galp ideýa ilki bilen 50-nji ýyllarda Suwhan Babaýew Türkmenistanyň Kommunistik partiýasyna ýolbaşçylyk edýän döwürlerde öňe sürüldi. Soňra 80-nji ýyllaryň başynda ol ýaňadan janlandyrylyp, Türkmenistanyň şol wagtky kommunist lideri Muhammetnazar Gapurow tarapyndan resmi ýagdaýda yglan edildi.

Şonuň yz ýany Türkmenistan kompartiýasynyň 1-nji sekretary Muhammetnazar Gapurow, akademik Anatoliý Roslýakow we Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, taryh ylymlarynyň doktory Myrat Annanepesow tarapyndan “Baky dostluk” atly kitapça çap edildi. Ol ýerde Türkmenistanyň Russiýa meýletin birigendigi barada maglumatlar berilýärdi, hatda käbir dokumentleriň foto nusgalary-da ýerleşdirilipdi. Soňra bu kitapça rus hem türkmen dillerinde ikinji gezek neşir edildi.

Türkmenistanyň Russiýa meýletin birigendigini dabaralandyrmak üçin, ýadygärlik goýuljakdygy aýdyldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow türkmenleriň Russiýa meýletin birigendigi barada “Parahatlyk ilçisi” atly poema ýazdy. Hut şol poema hem akademik Myrat Annanepesow ýörite redaktorlyk etdi.

Soňra ýurtda perestroýkanyň ýol alyp başlan döwründe, azda-kände söz we metbugat azatlygy dörände, bu ideýanyň galpdygyny ilki bilen Myrat Annanepesow aýtdy. Moskwada neşir edilýän “Woprosy istorii”, ýagny “Taryhyň meseleleri” atly žurnalda onuň bu temadan giňişleýin makalasy peýda boldy. Şondan soň ony türkmen diline terjime etdiler. Bu iş Russiýanyň Türkmenistany, türkmenleriň esasy berkitmesi bolan Gökdepe galasyny basyp alşyny tahyry faktlar bilen beýan etdi. Ol iş “türkmenler Russiýa meýletin birikdirildi” diýen toslamany düýp-teýkary bilen ýalana çykarypdy.

Myrat Annanepesow garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň taryhyny ýazmaga girişdi hem orta mekdepleriň okuwçylary üçin okuw kitabyny ýazdy.

Ol soňky duşuşyklarynyň birinde: “Eger mende näçe güýç galan bolsa, ony ýurduň täze Konstitusiýasyny ýazmaga harç ederdim. Ýurtda şeýle bir Konstitusiýa bolsun, ol hiç kime ömürlik prezident bolmaga hukuk bermesin hem diňe bir adama baglanýan syýasatyň ýöredilmegine garşy dursun. Ine, şeýle Konstitusiýany ýazmak işine men janym-tenim bilen gatnaşardym” diýip, çykyş edipdi.

Myrat Annanepesow häzir hormatly dynç alyşda. Ol maşgalasy bilen dogduk mekany bolan Sakarçägä göçüp gidip, obadaşlarynyň arasynda ýaşaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG