Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalardan soguljan aýrylmaýar


Gowşak “barlaglar” ahyrky netijede çagalar baglarynda keselçiligiň ýüz bermegine getirýär.
Gowşak “barlaglar” ahyrky netijede çagalar baglarynda keselçiligiň ýüz bermegine getirýär.

Türkmenistanyň çagalar baglarynda terbiýelenýän köp çagalarda soguljanyň döremegi bilen bagly wakalar indi köp ýyllar bäri dowam edip gelýär.


Soguljan — adamyň we haýwanyň içegeleriniň içinde emele gelýän ýasy uzyn gurçuk bolup, onuň iň uly görnüşleri 35-50 mm çemesi bolup bilýär. Soguljanlar içegeleriň has jümmüşine aralaşyp, ol ýerde öýjük suwuklyklaryndan we gandan iýmitlenýärler.

Soguljanyň urkaçy görnüşi bir sutkanyň dowamynda 60 müň ýumurtga taşlamaga ukyplydyr. Ýumurtgalar daşky sredada 25-30 gradusda liçinka öwrülýärler we iýmite ýa agyz boşlugyna düşen halaty, içegelere ornaşyp bilýärler.

Soguljan ýogyn içegäniň nemli bardalaryna zeper ýetirip, uzagyndan organizmiň zäherlenmegine getirip bilýär.

Soguljanyň mesgeni

Çagalar baglarynda körpeleriň meýdana oturdylýan gaplarynyň (garşoklarynyň) soňky döwürlerde hlor bilen ýuwulmaýanlygynyň netijesinde soguljanyň ýaýramagyna sebäp bolýandygyndan ene-atalar nalaýarlar. Käbir çagalar baglarynda on-on bäş çaga üçin ýekeje garşogyň ulanýandygy, şeýle ýagdaýda çagalara biri-birinden soguljanyň geçýändigini aýdýarlar.

Eger çagada soguljan bar bolsa, onuň nahar iýýän çemçesinden-de, oýnaýan oýnawajyndan-da beýleki çagalara geçip bilmek howpy bar. Ene-atalaryň köpüsi çagalar bagyna bermezden öň çagalarynda gurçugyň bolmandygy, çagalarynyň soguljan keselini diňe çagalar bagynda alandygyny nygtap, çagalar bagynyň işgärleri bilen dawalaşýarlar. Çagalar bagynyň şepagat uýasy bolsa olar bilen ylalaşman, “Çagalar bagyna getirmänkäňiz çagaňyzy barladan dälsiňiz. Soguljan çagaňyzda öňem bardyr. Sebäbi soguljan adamdan-adama geçmeýär, käbir adamyň özünde doga bolýar” diýip jogap berýärler.

Bir ene-ata çagalar bagyna gatnaýan çagalarynyň dördüsinde-de soguljanyň bardygyny aýdyp, nalaýar. Çagalaryna soguljana garşy aldygyna derman içirýändiklerine garamazdan, gurçugyň aýrylyp gidibermeýändigini aýdýar.

Gözegçilik gowşak

Çagalar baglaryna gözegçilik edýän edaralaryň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň (sanepidinstansiýa) işgärleriniň aglabasy hem öz işlerini göwnejaý ýerine ýetirmeýärler. Sebäbi çagalar baglarynyň müdirleri barlaga gelen dürli edaralaryň işgärlerini öz kabinetinden yzyna aňsat ugratmagy başarýarlar.

Şeýle häsiýetdäki “barlaglar” bolsa ahyrky netijede çagalar baglarynda keselçiligiň ýüz bermegine getirýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG