Sepleriň elýeterliligi

SSSR döwründe, 1988-nji ýylyň başynda Polşada goşun gullugyny geçýärkäm, gyzyklanyp okalýan gazetleriň biri bolan “Аргументы и факты” gazetinde Sowet soýuzynyň serhetleriniň howpsuzlygy göz öňünde tutulypmy ýa başga bir sebäpdenmi, uly ýurduň territoriýasynyň altydan bir böleginiň serhet simlerinden aňyrda galandygy, şonuň üçinem şol ýerleriň, esasan, ulanylman ýatandygy hakynda gysgajyk maglumaty okandygym ýadymda.

Goşun gullugyndan gaýdyp gelenimden soňra, Ýazly Ataýew ýaly halypa žurnalistlerimiz “Ýaş kommunist”, “Edebiýat we sungat” gazetlerinde Türkmenistanda serhetden aňyrda galyp, ulanylman ýatan ýerlerimizi peýdalanmak hakyndaky meseläni gozgap, makala ýazypdylar.

Uniwersitet mugallymymyz Gurbangeldi Gurbanmämmedow bolsa diňe Ahal welaýatynda serhet simlerinden aňyrda galyp, ulanylman ýatan ýerlerimiziň on müň kwadrat kilometrden ýa-da million gektardan az däldigini ýazypdy.

Hatda bu mesele 1990-njy ýyllaryň başynda çeper edebiýatyň obýektine hem öwrülip ýetişipdi. Dewid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty, Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew baryp şol ýyllarda ýurdumyzyň territoriýasynyň altydan bir böleginiň serhet simlerinden aňyrda galyp, ulanylman ýatan ýerlerimizi ulanmak hakyndaky meselä bagyşlap: “Öpülmedik ýerler, ekilmedik ýerler...” diýen setirler bilen başlanýan örän çeper goşgy ýazypdy.

SSSR döwründe, hatda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hem serhet simlerinden aňyrda galan ýerlerimizde mallarymyz bakylyp, ol territoriýalarymyz belli bir derejede peýdalanylýardy. Üýtgedip gurmak zamanynda serhetden aňyrda galan ýerlerimizde geologik barlaglaram geçirilip başlanypdy. Mysal üçin, şol döwürlerde Mäne-Çäçäniň serhetden aňyrda galan ýerlerinde örän ýokary hilli çäýnek-käse ýasap boljak çägäniň bardygy anyklandy. Şol zamanlar ýerli çig maly özünde bolan Mänede çäýnek-käse öndürýän zawod gurmagam planlaşdyrylypdy. Ýöne bu işler dowam etdirilmegiň ýerine ýatyp galdy. Şeýdibem, ol ýerlerimiz bütinleý unudyldy diýen ýaly.

Şu ýyl Türkmenistanyň howasy gurak geldi, şol sebäpli SSSR döwründäki tejribäni ulanyp — Balkan, Ahal welaýatynyň dag eteklerindäki serhet simlerinden aňyrda galan ýerlerimizde mal bakmaga rugsat berilse, şu ýylky ýaly gurak ýyllarda mallarymyzyň horlanyp, tapdan düşmeginiň, keselçilikden uly möçberde gyrylmagynyň belli bir derejede öňüni alardyk.

Türkmenistan hökümeti SSSR döwründe haýsydyr bir sebäp bilen çekilen serhet simlerinden aňyrda galan ýerlerimizi ýerlikli peýdalanmak, ol territoriýalarda geologik barlaglary geçirip, ol ýerdäki tebigy baýlyklarymyzyň möçberini anyklamak, asla serhet simlerimizi araçäkleşýän ýurtlarymyzyň serhediniň ýanyndaky bitarap zona geçirmek hakynda karar kabul edilse, ýurdumyzyň-da, halkymyzyň-da bähbidine bolardy. Şeýle edilende halypa žurnalistimiz hem şahyrymyz Aşyrguly Baýryýewiň obrazly aýdyşy ýaly, ýeke garyş-da “Öpülmedik, ekilmedik ýerlerimiz” galmazdy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG