Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkmenistana kömek teklip edýär


Orsýetiň Ylymlar akademiýasy Türkmenistana milli hemra gözegçilik merkezini döretmäge kömek teklip etdi.

Bu teklip Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli guralan halkara sergisinde, Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň sergidäki seksiýasy tarapyndan edildi diýip, Itar-Tass Aşgabatdan habar berýär.

Aşgabadaky halkara sergi 30-dan gowrak ýurduň 100-den gowrak ylmy-agtaryş we önümçilik bileleşiginiň, ylmy-barlag institutlarynyň we uniwersitetleriň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistan golaýda özüniň milli hemra gözegçilik merkezini döretjegini aýan edipdi.
XS
SM
MD
LG