Sepleriň elýeterliligi

Siriýa goşunlary gozgalaň şäherine barýar


Siriýanyň döwlet telewideniýesi hökümet güýçleriniň, “ýaragly adamlar” diýilýänlerden saplamak üçin, demirgazyk-günbatardaky şähere barýandygyny habar berdi. Bu mart aýynda prezident Başir Assada garşy başlanan halk gozgalaňlaryny basyp ýatyryş çäreleriniň bir bölegi hasaplanýar.

Jisr al-Şugaur şäheri soňky günlerde ýygjam zorlugyň sahnasyna aýlandy. Häkimiýetler geçen hepde ol ýerdäki ýaragly toparlaryň 120 sany esgeri öldürendigini aýdýarlar. Emma bosgunlar we hukuk aktiwistleri bu hadysany goşunyň içinde, esgerleriň öz aralarynda turan gowga bilen düşündirýärler. Ol gowga esgerleriň käbiri graždan ilaty öldürmekden ýüz öwrüp, goşundan gaçandan soň döräpdir.

Hukuk aktiwistleri gozgalaňlary basyp ýatyrmak çäreleri bilen bagly müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Müňlerçe adam şäheri terk edip gaçdy, türk häkimiýetleri olaryň dört müň çemesiniň Türkýä gelendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG