Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-nyň flotunyň Gara deňze gelmesine garşy


Orsýet ballistik raketa garşy gorag sistemasy bilen enjamlaşdyrylan amerikan harby gämisiniň Gara deňze gelmegi sebäpli alada bildirdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp, muňa “howpsuzlyga wehim” hökmünde garalýandygyny aýtdy.

“Montereý” kreýseri bu ýere Ukraina bilen harby deňiz maşklaryny geçirmek üçin iberildi.

Orsýet ABŞ-nyň Gündogar Ýewropada ýerleşýän raketa gorag sistemasyny döretmek planlaryna garşylygyny gaýta-gaýta dile getirýär.
XS
SM
MD
LG