Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Halkara pul gaznasyna elektron hüjümi edildi


Halkara pul gaznasy öz kompýuter sistemalaryna edilen elektron hüjümleri babatda derňew geçirýändigini aýdýar.

HPG-niň sözçüsi “gaznanyň doly güýjünde işleýändigini” aýtdy.

Blumberg habarlary HPG-niň kompýuter sistemasyna daşary ýurt hökümeti bilen ilteşiklidir öýdülýän hakerler tarapyndan hüjüm edilendigini aýtdy. Hüjüm netijesinde e-mail adresler we beýleki dokumentler ýitirilipdir.

Nýu-Ýork Taýms gazeti HPG-e soňky birnäçe aýyň dowamynda zarba urlandygyny, kompýuter ekspertleriniň muny uly we çylşyrymly elektron hüjümi hökmünde häsiýetlendirendigini ýazdy.
XS
SM
MD
LG