Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýnde on müňden gowrak adam proteste çykdy


Bahreýnde hökümetiň has giň syýasy hukuk talap eden protestçileri basyp ýatyraly bäri guralan ilkinji demonstrasiýa on müňden gowrak adam ýygnandy.

"Assoşeýted pres" howpsuzlyk güýçleriniň paýtagt Manamanyň aglaba köplügi şaýylardan bolan demirgazyk-günbatar böleginde ýygnanan adamlardan çekeräk durandygyny ýazýar. Ol ýerde çaknyşyk bolany barada habar berilmedi.

Bahreýniň sünni ýolbaşçylary harby düzgün ýatyrylandan iki hepde soň geçirilýän ýyganyşyga rugsat berdiler.

Bahreýnde fewral aýynda başlanan gozgalaňdan bäri azyndan 31 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG