Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dissidentlere senzuradan gutulmaga kömek edýär


Nýu-Ýork Taýms gazeti Birleşen Ştatlaryň dissidentleri hökümet senzurasyndan gutulmak üçin täze tehnologiýa bilen üpjün etmegiň öňüni çekýändigini ýazdy.

Şeýle proýektleriň biri “Çemodandaky internet” diýlip atlandyrylýar. Ol “çemodanlary” ondan-oňa äkitmek aňsat we bu proýekt simsiz internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Mundanam başga, Döwlet departamenti Eýran, Siriýa, Liwiýa ýaly ýurtlarda ulanmak üçin täze, görünmeýän we simsiz internet sistemalaryny maliýeleşdirýändigini aýdýar.

Daşary ýurtlaryň içinde işledilýän garaşsyz mobil telefon sistemalaryny döretmek hem şu tagallalaryň bir bölegi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG