Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda polisiýa bilen protestçiler çaknyşdylar


Ýekşenbe güni Tähranda polisiýa bilen oppozisiýanyň tarapdarlary çaknyşdylar.

Oppozisiýanyň tarapdarlary 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlarynyň iki ýyllygy mynasybetli Tähranyň köçelerine asuda ýörişe çykdylar.

Oppozisiýanyň internet saýtlary birnäçe ýüz adamynyň tutulandygyny habar berdi.

“Oppozisiýanyň köpsanly tarapdary howpsuzlyk güýçleriniň “gözüniň öňünde” ýöriş geçirdi” diýip, protestçileriň biri Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Biz Wali Asr köçesinden ýörişe başladyk. Garaşyşymyz ýaly, köçäniň iki tarapynda hem ýörite güýçler bardy. Emma adamlar olara üns bermediler we seslerini çykarman yörişe dowam etdiler” diýip, protestçileriň biri aýtdy.

Ýekşenbe güni belli žurnalist we dini aktiwist Hoda Saberiniň ölendigi hem habar berildi. Ol iki ýyl mundan öň geçen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňky tutha-tutluklar wagtynda tussag edilipdi.

Saberi Ewin türmesinden keselhana geçirilenden soň öldi.
XS
SM
MD
LG