Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde 20 ýaşly zenan azatlykdan mahrum edildi


Bahreýniň döwlet eýeçiligindäki mediasy 20 ýaşly zenanyň bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

20 ýaşly Aýat al-Kurmezi ýörite howpsuzlyk suduna çekildi. Ol Bahreýniň patyşasyny we premýer-ministrini tankytlaýan goşgulary okandygy üçin azatlykdan mahrum edildi.

Ol azatlykdan mahrum edilmezden bir gün öň Manamada 10 müňden gowrak adam demonstrasiýa çykdy we has giň syýasy hukuklary talap etdi.

Şol proteste Bahreýniň sünni liderleri rugsat etdiler.
XS
SM
MD
LG