Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: polisiýa ençeme demonstranty tussag edipdir


Demonstrantlar 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlarynyň ikinji ýyl dönümi mynasybetli köçä çykdylar. Şol saýlawlarda prezident Mahmut Ahmedinejad täze möhlete saýlanypdy.
Demonstrantlar 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlarynyň ikinji ýyl dönümi mynasybetli köçä çykdylar. Şol saýlawlarda prezident Mahmut Ahmedinejad täze möhlete saýlanypdy.
Ýekşenbe güni Tähranyň köçelerinde eýranlylar asuda ýöriş geçirdiler. Bu barada Eýranyň oppozision internet saýtlary we şaýatlar habar berýärler.

Demonstrantlar 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlarynyň ikinji ýyl dönümi mynasybetli köçä çykdylar. Şol saýlawlarda prezident Mahmut Ahmedinejad täze möhlete saýlanypdy.

“Keleme” atly oppozision internet saýtynyň maglumatyna görä, Wali Asr köçesinde asuda ýörişe çykanlardan birnäçe ýüz adam tutulypdyr. “Demonstrantlar tutulsalar-da, asudalygy we sowukganlylygy sakladylar” diýip, “Keleme”ýazýar.

“Oppozisiýanyň köp sanly tarapdarlary howpsuzlyk güýçleriniň “gözüniň öňünde” ýöriş geçirdiler” diýip, protestçileriň biri Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Biz Wali Asr köçesinden ýörişe başladyk. Garaşyşymyz ýaly, köçäniň iki tarapynda hem ýörite güýçler bardy. Emma adamlar olara üns bermediler we seslerini çykarman, yörişlerini dowam etdirdiler”.

Eýranyň “Ýaşyllar hereketiniň” wekilleri adamlary 2009-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynyň iki ýyllygy mynasybetli “dymyşlyk ýörişine” çagyrdylar. Olar bu saýlawlarda Ahmedinejadyň haýryna sesleriň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar. Emma bu tassyklamany Eýranyň häkimiýetleri ret edýärler we saýlawlaryň adalatly geçirilendigini tekrarlaýarlar.

Geçen fewralda oppozisiýanyň liderleri Mir Huseýn Musawi we Mehdi Karrubi demonstrasiýa çagyryş edenden soňra, häkimiýetler olary öý tussaglygynda sakladylar.

Ýakyn aýlarda Eýranyň liderleri arap ýurtlaryndaky protestlere ýokary baha berdiler. Emma Eýranyň oppozisiýa agzalary proteste çykanda, olara garşy güýç ulandylar.

Oppozisiýa lideri Musawiniň metbugat wekili Amir Arjomandyň 11-nji iýunda Waşingtonda aýtmagyna görä, hökümetiň repressiýasy oppozision hereketiň sesini “sem etmez”: “Häkimiýetleriň basyp ýatyrmasyna jogap hökmünde “Ýaşyllar hereketiniň” öz taktikasyny üýtgetmegi mümkin. Ýöne ol özüniň ýaşamagyny dowam etdirmegiň ýoluny tapar”.

Dükançylara öz dükanlaryny ýapmak tabşyryldy. Ýüzlerçe adam Tähranyň beýleki etraplaryna ýygnandy” diýip, “Sahamnews” internet saýty habar berdi.

Şaýatlaryň biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Tähranyň beýleki etraplarynda hem howpsuzlyk güýçlerinden ýüzlerçe adam ýerleşdirilipdir. Eýranyň resmi “Irna” agentliginiň maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleri “asudalygy bozmak islän” birnäçe adamy tussag edipdir.

Eýranda 2009-njy ýylda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlarynyň ikinji ýyl dönümi bellenen güni meşhur žurnalist we dini aktiwist Hoda Saberiň ölendigi habar berildi. Onuň açlyk çekýän wagty ýürek keselinden ölendigi aýdyldy.

54 ýaşly Saber iki ýyl mundan öňki prezidentlik saýlawlaryndan soňky tutha-tutluklar wagtynda tussag edilipdi. Ol Tährandaky Ewin türmesinden keselhana geçirilende öldi. Saber başga bir dissident Hale Sahabiniň ölümine protest hökmünde 11 gün mundan öň açlyk çekmäge başlapdy.
XS
SM
MD
LG