Sepleriň elýeterliligi

Hasabat: azeri banky esasy spamçylaryň biri


Barlagda gelnen netije: ýeke-täk söwda işi üçin dürli ýurtlarda iş alnyp barylmagy bilen spam senagaty hakyky global häsiýete eýe boldy.

Barlagda gelnen netije: ýeke-täk söwda işi üçin dürli ýurtlarda iş alnyp barylmagy bilen spam senagaty hakyky global häsiýete eýe boldy.

Internetiň üsti bilen spam ýaýradýanlar wiagra dermanyndan başlap, bikanun neşir edilen kompýuter programmalaryna çenli dürli önümleri satmak üçin ençeme ýyllap müňlerçe domain adyny we ýüzlerçe söwda işini ýöredýän, özüniň welin saldamly baýlygy ýok kompaniýalary ulanyp geldiler.

Ýöne Amerikada kompýuter alymlaryndan durýan bir topar tarapyndan çykarylan täze hasabatda aýdylmagyna görä, ýylda takmynan 100 milliard dollar girdeji alýan spam senagaty indi öz söwda işleri üçin diňe üç bankdan peýdalanýar. Spamyň üsti bilen bolýan söwdanyň 95 prosentini ýola goýýan bu banklaryň biri Azerbaýjanda, biri Daniýada biri hem West Indiýada ýerleşýär.

Bu hasabatyň awtorlarynyň biri, San Diegoda Kaliforniýa uniwersitetini tamamlan student Adreas Pitsillidisiň aýtmagyna görä, farmasewtika söwdasynda töleg işleriniň köpüsini ýola goýýan Bakuwda ýerleşýän “Azerigazbanky”.

“Aýratyn-da biziň barlagda gören ähli spamlarymyzyň 60 prosentine jogapkär Azerbaýjanda ýerleşýän birinji bank - “Azerigazbanky”. Biz ‘gören ähli spamlarymyz’ diýemizde, üç aýyň içinde gowşan takmynan 1 milliard emaildan gürrüň açýarys" diýip, Pitsillidis aýdýar.

“Azerigazbankynyň” metbugat gullugynyň başlygy Alakbar Alyýewiň aýtmagyna görä bolsa, bu bank internetiň üsti bilen bolýan söwdada öňdebärjylaryň biri bolmaga synanyşýar. Bank bu söwda işlerini ýola goýmak bilen hiç bir kanuny bozanok.

“Biz elektroniki söwda gaty ähmiýetli diýip pikir edýäris. Bu babata hem müşderiler öz isleglerine görä söwda edýärler. Bu proses kanuna ters bolmasa, biz oňa garyşyp bilemzok. Biziň işlerimiz “Visa” we “MasterCard” düzgünlerine we Azerbaýjanyň kanunlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu düzgünleri asla bozamzok" diýip, Alyýew aýdýar.

Ol: “Isleseler, “Visa” we “MasterCard” bu tölegleri togtadyp bilýärler" diýýär. "Visa bu tölegleriň gadagan ýollary barada bir sanaw çykarsa ýa Azerbaýjanyň kanunlary bize bu işi etmegi gadagan etse, biz bu düzgünleri ýerine ýetireris. Ýöne geliň kabul edeliň, adamlar tölejek pullaryny porno saýtlarynda-da töleýärler".

Bikanun däl

Pitsillidis spamçylaryň söwda işlerini ýola goýmagyň bikanun iş däldigi bilen ylalaşýar. Ýöne ol spam senagatynyň abraýly ada eýe däldigi, pullarynyň gaýtaryp berilmegini talap edýän müşderileriň sanynyň ýokarydygy sebäpli banklaryň aglabasynyň bu işden gaça durýandygyny belleýär.

“Umuman, bular ýaly töwekgellige baş goşýan banklar köp däl. Bu işi edýänler hem hasaplary ýokary derejede töwekgelçilikli bolansoň, müşderilerinden köplenç ýokary töleg soraýarlar" diýip, Pitsillidis aýdýar.

Barlagda gelnen netije: ýeke-täk söwda işi üçin dürli ýurtlarda iş alnyp barylmagy bilen spam senagaty hakyky global häsiýete eýe boldy. Mysal üçin, Birleşen Ştatlarda biri spamyň üsti bilen reklama edilen bir saýtdan wiagra dermanyny satyn aljak bolsa, kredit kartynyň nomerini bütinleý başga saýta bermeli. Onsoň töleg Azerbaýjandaky bankyň üsti bilen amala aşýar.

Internet howpsuzlygy boýunça “Symantec” kompaniýasynyň ýokary derejeli analizçizi Paul Wood 2009-njy ýylda global spam senagatynyň alan ýyllyk girdejisini 100 milliard dollar çemesi diýip çaklady. Bu kompaniýanyň işgäri Matt Sergeantyň aýtmagyna görä, bu söwda işini ýola goýmakda Azerbaýjan bankynyň 4-5 prosent peýda görýän bolmagy ähtimal.

Kaliforniýa barlaglarynda Moskwanyň “B&N” bankynyň, Latwiýanyň hem üç bankynyň spam tölegleri bilen baglanyşykly işlere gatnaşýanlygy-da bellenilýär.

Pitsillidisiň pikiriçe, bu problemany çylşyrymlaşdyrýan dünýäniň dürli ýurtlarynda spam bilen baglanyşykly kanunlaryň gümürtikligidir.

“Mysal üçin, Azerbaýjan ýaly ýurtlarda nähili ýerli kanunlaryň bardygy belli däl. Dünýädäki beýleki ýurtlarda-da şeýle. Bu ýerde adamlaryň haýsy işiniň bikanundygy belli däl. Spam barada aýdanyňda Birleşen Ştatlarda galp farmasewtiki önümleri reklama etmek bikanun hasaplanýar" diýip, Pitsillidis aýdýar.
XS
SM
MD
LG