Sepleriň elýeterliligi

Yslamabatda janyndan geçen hüjümçi özüni ýardy


Şu gün Pakistanyň paýtagty Yslamabatda janyndan geçen bir hüjümçi bankda özüni partlatdy. Bu wakada azyndan bir adam heläk boldy.

Polisiýanyň başlygy Wajid Durraniniň aýtmagyna görä, partlamada ençeme adam ýaralanypdyr.

Söweşijiler Pakistanda janyndan geçen bombaçylary ýygy-ýygydan ulanýarlar. Ýöne bular ýaly hüjümler soňky ýyllarda paýtagt Yslamabatda seýrek amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG