Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan syýasy garşydaşlary bilen işleşmäge söz berdi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, özüniň “Adalat we Galkynyş” partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanyndan soň, syýasy garşydaşlary bilen işleşmäge söz berdi.

Sesleriň tas ählisiniň sanalmagynyň netijelerine görä, “Adalat we Galkynyş” partiýasy sesleriň 50% töweregini almagy başarypdyr.

“Adalat we Galkynyş” partiýasy ýurtda 1982-nji ýylda harbylar tarapyndan özgerdilen Konstitusiýany hem täzeden düzmek isleýär.

Erdogan ýekşenbe günündäki çykyşynda şeýle diýdi: “Halkymyz bize diňe bir ýurdy dolandyrmaga mümkinçilik döretmedi, eýsem, şol bir wagtyň özünde bize täze Konstitusiýany ýazmak wezipesini-de berdi”.
XS
SM
MD
LG