Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda türkmen-rus innowasiýa forumy açyldy


Duşenbe güni Aşgabatda ilkinji türkmen-rus innowasiýa forumy açyldy.

Bu foruma gatnaşmak üçin Orsýetiň 40-dan gowrak pudaklaýyn edaralarynyň, guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, uniwersitetleriniň, institutlarynyň, döwlet korporasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat delegasiýanyň Aşgabada gelendigini türkmen metbugaty habar berýär.

Foruma gatnaşyjylar ylmyň we tehnikanyň dürli pudaklarynda alymlaryň häzirki zaman işläp taýýarlamalaryna, gurluşyk önümçiligine, saglygy goraýyşa, şeýle-de beýleki pudaklara degişli meseleleriň giň toplumyna serederler hem bu meseleleri ara alyp maslahat ederler diýip, resmi maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG