Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň energiýa wekili Türkmenistana bardy


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa sebitiniň energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili ilçi Riçard Morningstar Türkmenistana bardy.

Saparyň dowamynda ol türkmen hökümetiniň resmileri bilen energiýa meseleleri boýunça gepleşikler geçirer.

Duşenbe güni ilçi Morningstar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýlip, habar berilýär.

Duşuşykda ýangyç-energetika pudagy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alşylypdyr.
XS
SM
MD
LG