Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň günortasynda polisiýa protestçileri dargatdy


Hytaýyň günorta sebitinde ýurduň polisiýasynyň protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanandygy habar berilýär.

Guaňdoň welaýatynyň Ksintaň şäherinde ýekşenbe güni dörän bidüzgünçiliklerden öň üç günläp dartgynlylyk dowam edipdir.

Hytaý mediasynyň berýän maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleriniň köçede söwda edýän göwreli aýala garşy eden ýowuz hereketleri baradaky gep-gürrüňler protestleriň döremegine sebäp bolupdyr.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Hytaýda soňky hepdelerde polisiýa bilen protestçileriň arasynda gazaply çaknyşyklaryň bolandygyny hem habar berýärler.
XS
SM
MD
LG