Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet “Transhazar” proýektine garşy çykýar


Orsýet “Nabukko” proýektine zerur bolan “Transhazar” proýektiniň bäş hazarýaka döwletleriň hemmesi tarapyndan tassyklanmalydygyny öňe sürýär.
Orsýet “Nabukko” proýektine zerur bolan “Transhazar” proýektiniň bäş hazarýaka döwletleriň hemmesi tarapyndan tassyklanmalydygyny öňe sürýär.
8-nji iýunda Türkiýäniň Kaýseri şäherinde “Nabukko” proýekti boýunça maslahat geçirildi. Bu duşuşykda Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy akdyrmak üçin gazgeçirijisini gurýan “Nabukko” konsorsiumy proýektiň gaz üpjünçiliginde hiç hili kynçylygyň bolmajakdygyny öňe sürdi.

Şol bir wagtda-da Orsýet “Nabukko” proýektine zerur bolan “Transhazar” proýektiniň bäş hazarýaka döwletleriň hemmesi tarapyndan tassyklanmalydygyny öňe sürýär. Orsýetiň Azerbaýjandaky ilçisi ýakynda Bakuda geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, bu barada ýene bir gezek ýatlatdy.

10-njy iýunda Azerbaýjanyň döwlet gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Witaliý Belýarbekow ANS habar gullugy bilen söhbetdeşliginde “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy baradaky gepleşiklere Orsýetiň gatnaşdyrylmajakdygyny mälim etdi. Azeri resmisi Orsýetiň bu meselede böwet döretmejekdigine ynanýandygyny belledi.

Hazarýaka döwletleriniň Tähranda geçirilen sammitinde, 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabry.
Emma 8-nji iýunda Bakuda geçirilen metbugat konferensiýasynda Orsýetiň Azerbaýjandaky ilçisi Wladimir Dorohin çykyş edip, Hazaryň düýbünde gazgeçirijini gurmak meselesiniň hazarýaka bäş ýurduň hemmesiniň gatnaşmagynda çözülmelidigini öňe sürdi. Ýagny, ilçiniň aýtmagyna görä, bu mesele diňe proýekte gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan däl-de, Hazaryň kenarynda ýerleşýän hemme ýurtlar tarapyndan çözülmeli.

“Näme üçin Orsýet “Transhazar” meselesinde şeýle pozisiýany eýeläp, beýleki deňizleriň düýbi boýunça amala aşyran proýektlerinde özüni başgaça alyp bardy?” diýip, metbugat konferensiýasyna gatnaşan žurnalistiň beren sowalyna ilçi Dorohin özüniň diňe “Transhazar” proýekti boýunça gürrüň etmäge ygtyýarynyň bardygyny aýdyp, jogap berdi.

“Nabukko” proýektiniň möhüm bölegini emele getirýän “Transhazar” gazgeçirijisi, hususan-da, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda turba çekilmegini göz öňünde tutýar.

Ýakynda Britaniýanyň “Gaffney, Cline and Associates” kompaniýasynyň dolandyryjysy Piter Holding Türkmenistanyň öz gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde ikinji orunda durýan döwlet bolmagynyň mümkindigini hem aýdypdy. Gaz zapaslarynyň köpdügini aýdyp, resmi Aşgabat köpugurly energiýa syýasatynyň tarapdarydygyny nygtamagyny dowam etdirýär.

Gabanjaňlyk we gapma-garşylyk

Azerbaýjanyň “Nebit meselelerini öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanow Orsýetiň Merkezi Aziyadan gazyň Ýewropa eksport edilmegine gabanjaňlyk bilen seredýandigini öňe sürýär. Ol soňky döwürde Türkmenistan bilen Orsýetiň gatnaşyklarynda syýasy gapma-garşylyklaryň artýandygyny hem belleýär.

Azerbaýjanyň “Nebit meselelerini öwreniş merkeziniň” müdiri Ilhan Şabanow
“Hazaryň nebit we gaz konferensiýasynda biz Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy gapma-garşylyklaryň çuňlaşýandygyny gördük. Ýagny, Türkmenistanyň wekili öz eden çykyşynda türkmen gazynyň Owganystana, Eýrana, Hytaýa, Ýewropa satylmagy barada aýtsa-da, Orsýet barada düýbünden gürrüňem etmedi” diýip, Şabanow belleýär.

Soňra ol şeýle diýýär: “Onsoň hem Azerbaýjanda öndürilýän gazyň möçberiniň az bolmagy Ýewropa bazarynda onuň ors gazy bilen bäsleşip bilmejegini görkezýär. Emma türkmen gazynyň möçberiniň köp bolmagy oňa Ýewropa bazarynda Orsýet bilen bäsleşmäge mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin Orsýet özüniň bazarlaryna beýleki konkurentleri göýbermejek bolup, gaty berk pozisiýany eýeleýär”.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral serişdeleri ministri Baýramgeldi Nedirow 31-nji maýda eden çykyşynda Türkmenistanyň Orsýete satýan gazynyň möçberini artdyrmaga islegiň we mümkinçiligiň bardygyny yglan edipdi.

Şabanowyň pikiriçe, “Transhazar” gazgeçirijisi boýunça Orsýet bilen ylalaşylmasa, bu proýektiň amala aşyrylmagy sorag astynda galar: “Bu meseläniň ýuridiki tarapyna garasak, 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň sammitinde gol çekilen Memoranduma görä, Hazarda guruljak hemme gazgeçiriji proýektler bilen bagly meseleler konsensus, ýagny Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş ýurduň ylalaşygy esasynda çözülmeli diýlip ylalaşyldy”.

Orsýetiň “Regnum” habar gullugynyň baş redaktory Modest Kolerow gaz meselesinde türkmen tarapynyň Orsýet bilen güýç pozisiýasyndan ylalaşýandyklaryny aýdyp, “Nabukko” we “Transhazar” proýektlerini utopiýa, ýagny başa barmajak proýektler diýip atlandyrýar.

Kolerowyň pikiriçe, Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary we ABŞ bilen energiýa meselesinde ylalaşmak mümkinçiligi gaty pes. “Orsýete gaz satmak meselesi hem Türkmenistan üçin ikinji derejede durýar. Türkmenistanyň gaz meselesinde tutan esasy ugry – Hytaý” diýip, Kolerow aýdýar.

13-nji iýunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýanyň energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morniňstar resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Onuň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG